• English
  • Russian
  • Turkmen

Biz hakda

Omniva Group - merkezi Estoniýanyň Tallinn şäherinde ýerleşýän, Demirgazyk Ýewropanyň öňdebaryjy poçta we logistika kompaniýalarynyň biridir. Biz Baltika sebitinde we halkara derejesinde iş alyp barýarys, hem-de ýuridik we fiziki şahslar üçin poçta ugratmalaryň, uly gaply ýollamalaryň we elektron söwdanyň logistikasynyň giň görnüşli çözgütlerini hödürleýäris. Halkara gerimimizi giňeltmegiň çäginde, biz öz wirtual salgy hyzmatymyz arkaly ABŞ-dan Türkmenistana elektron söwda ugratmalaryny bökdençsiz daşamak çözgüdini hödürleýäris. Biziň döwrebap logistika görnüşimiz we ygtybarly ýerli hyzmatdaşymyz - Türkmenistanyň "Türkmnepoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy arkaly sargytlary ygtybarly, netijeli we aýdyň görnüşde eltip berýäris. Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar: onlaýn söwdalar üçin ABŞ-da ýerleşýän eltip bermek salgysynyň berilmegi, elektron söwda sargytlarynyň toplanyp birleşdirilmegi we eksport edilmegi, poçta ugratmalary Türkmenistanyň çäginde "soňky aralyk" eltip bermek ýa-da poçta aragatnaşyk bölüminden baryp almak üçin işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň poçta operatoryna tabşyrylmagy, logistika ugrunyň ähli tapgyrlarynda ýöriteleşdirilen goldaw gullugynyň we sargytlaryň yzarlanyşynyň üpjün edilmegi.

Biziň maksadymyz
Türkmenistandaky satyn alyjylar üçin global elektron söwdany - bökdençsiz, amatly we howpsuz etmek.

Biziň wadamyz
Biz köp ýyllyk poçta mirasynyň iň gowy däplerini döwrebap logistika hyzmatlary bilen utgaşdyrýarys: biz diňe ýerine ýetirip biljek işimize wada berýäris we beren wadamyzy doly ýerine ýetirýäris. Siziň poçta ugratmalaryňyza we daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň iň ýokary standartlaryny berjaý edýäris.

Biziň gymmatlyklarymyz

  • Biz alada edýäris - biziň üçin her bir poçta ugratma möhümdir.
  • Biz açyk - biz innowasiýalara ymtylýarys we her ädimde öwrenýäris.
  • Biz ynamly - biz öz hyzmatlarymyzyň hili üçin doly jogapkärçilik çekýäris.
  • Biz işimizi gowy görýäris - biz adamlara şatlyk eltip bermäge kömek edýändigimize buýsanýarys.