• English
  • Russian
  • Turkmen

HYZMAT ÜÇIN TÖLEG

Nyrhnamalara ABŞ-nyň esasy howa menzilinde poçta ugratmalary kabul etmek we işläp taýýarlamak, Türkmenistana eltip bermek, gümrük taýdan resmileşdirmek we poçta aragatnaşyk bölümine çenli eltip bermek (Türkmenistandaky "soňky aralyga" eltip bermesi ) girýär.


  • Toplumlaýyn eltip bermek (ABŞ dollarynda): her kg üçin 12 ABŞ dollary + her ugratma üçin 11,30 ABŞ dollary
  • Ätiýaçlandyryş (ABŞ dollarynda): ätiýaçlandyryş tölegi sargydyň FOB bahasynyň her 100 ABŞ dollary üçin 1,50 ABŞ dollaryndan ybarat, aňryçäk öwezini dolmak möçberi bolsa 300 ABŞ dollary.

Bu çäkden ýokary ätiýaçlandyryş tölegini almak üçin biziň bilen insurance@omniva.tm salgysy arkaly habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.



Agramy
(Kilogram)
Halkara eltip bermek nyrhlary
(ABŞ dollary)
1 kg 13.5
2 kg 27
3 kg 40.5
4 kg 54
5 kg 67.5
6 kg 81
7 kg 94.5
8 kg 108
9 kg 121.5
10 kg 135
Goşmaça her kilogram 13.5
Her bir poçta ugratma üçin bellenen töleg: 8 ABŞ dollary 

Eltip bermegiň bahasyny hasaplamagyň mysaly:

Müşderi ölçegleri 30x30x50 sm, bahasy 200 ABŞ dollary we agramy 2 kg bolan poçta ugratmany sargyt edýär.

  • Göwrüm we hakyky agramy: 2 kg göwrüm agramyna garşy (30x30x50) / 6000 = 7.5 kg
  • Daşamagyň bahasy: 7.5 kg * 12 ABŞ dollary + 11.3 ABŞ dollary = 101.3 ABŞ dollary
  • Ätiýaçlandyryş: 1,50 ABŞ dollary x 2 = 3,0 ABŞ dollary
  • Jemi bahasy: 104.30 ABŞ dollary

Salgytlar we paçlar barada wajyp maglumatlar

Bahasy 500 ABŞ dollary ýa-da ondan pes bolan ugratmalar (FOB/hasap-faktura bahasy): müşderi hiç hili salgyt ýa-da paç tölemeýär. Bahasy 500 ABŞ dollaryndan ýokary bolan ugratmalar (FOB bahasy): satyn alyjylar resmi baha teklibini soramaly. Bu teklip aşakdakylary öz içine alar: ulanylýan salgytlar we paçlar (HS koduna we önüm kategoriýasyna laýyklykda hasaplanylýar). Degişli bolan ýagdaýynda, gümrük dellalçynyň tölegleri.

Bellik: salgytlar, paçlar we gümrük resmileşdirilişine bildirilýän talaplar diňe degişli döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär. Müşderileriň amatlylygy üçin çak edilýän bahalary (smetalary) hödürleýän hem bolsak, ähli gümrük düzgünlerini berjaý etmek we degişli tölegleri tölemek üçin ahyrky jogapkärçiligi müşderiniň özi çekýär. Gutarnykly möçberler tapawutly bolup biler we olar diňe gümrük resmileşdirnesinden soň tassyklanylýar.