• English
  • Russian
  • Turkmen

BU NÄHILI IŞLEÝÄR?

GAPLAMA

Ýatda saklaň, poçta ugratmalar daşalýan wagty dürli mehaniki täsirlere we amallara sezewar bolýar, şonuň üçin dogry gaplama - satyn alan harytlaryňyzyň bellenen ýere bökdençsiz we şikeslenmesiz ýagdaýda gowuşmagyny üpjün edýän iň ynamdar kömekçidir.

Satyn alan harydyňyz üçin gaplamanyň gerek boljakdygyny öňünden bilýän bolsaňyz, öňünden habar beriş sahypasynda gaýtadan gaplama hyzmatyny öňünden sargap bilersiňiz.

Şonuň ýaly-da, eger biziň Maýamidäki ammarymyzda poçta ugratmanyň döwülgen ýa-da ýeterlik derejede gaplanylmandygy anyklanylsa,  elektron poçtaňyza degişli habarnama geler we siz gaýtadan gaplama hyzmatyny kabul edip ýa-da ret edip bilersiňiz. 

Gaplama nämeden ybarat?
Gaplama - bu bir ýa-da birnäçe haryt ýerleşdirilýän gap ýa-da gaplaýjy materialydyr. Munuň maksady harytlary işläp taýýarlanan, daşalan we saklanan wagtynda olary birleşdirmek hem-de goramakdyr. Amatly gaplama arkaly iberilýän harytlaryň hilini saklamak we şol bir wagtda daşamagyň ähli tapgyrlarynda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.

Gaplamanyň wezipeleri:

  • Gorag: daşalanda we saklananda harydy gorap saklaýar.
  • Barabarlandyrma: harydyň häsiýetleri we onuň bilen işleme usullary barada maglumat berýär, bu bolsa şikes ýetmek ähtimallygyny azaldýar.
  • Ýükleri işläp taýýarlamak: ugratmalaryň sanalmagyny, paýlanmagyny we daşalmagyny aňsatlaşdyrýar.

GAÝTADAN GAPLAMA

Käwagt haryt satyn alan dükanyňyzyň üpjün eden gaplamasy Maýamiden Türkmenistana çenli daşamak üçin amatly bolman biler. Şonuň üçin, biziň hyzmatlarymyzyň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek maksady bilen, harytlaryň ýolda zaýalanmagynyň öňüni almak üçin gaýtadan gaplama mümkinçiligini hödürleýäris. Omniva ýolda harytlaryňyzy goramaga kömek etjek gaýtadan gaplamanyň iki görnüşini hödürleýär: agaç gaplama ýa-da uly ölçegli gaplama. Olaryň bahalary aşakda görkezilendir:


1. Eksport üçin sertifikatlasdyrylan ýapyk agaç gutular
12 х 10 х 10 dýuým 25 funt 111 $/san
24 х 20 х 20 dýuým 50 funt 189 $/san
48 х 40 х 40 dýuým 100 funt 325 $/san

Agaç guty: bu ýörite sargyt boýunça ýasalýan, eksport üçin sertifikatlasdyrylan guty bolup, munuň maksady özüniň gatylygy we berkligi arkaly harydy daşamak wagtynda ýüze çykyp biljek urgylardan goramakdyr.




Uly düwmejikli plýonka: bu gysylan howaly bu plonkalar ýeňil harytlary gowy goramagy üpjün edýär. Ol çeýe material bolup, islendik görnüşdäki we ölçegdäki harytlary gaplamaga mümkinçilik berýär.

Gasynlanan karton guty
$/san
Uly düwmejikli plýonka
$/san
Işgärler we administratiw çykdajylar
$/san
06 dýuým х 06 dýuým х 80 dýuým 0.9 0.1 0.5
08 dýuým х 08 dýuým х 10 dýuým 1.37 0.3 0.8
15 dýuým x 12 dýuým x 10 dýuým 1.65 0.65 1
16 dýuým x 12 dýuým x 12 dýuým 1.76 0.86 1
18 dýuým x 18 dýuým x 16 dýuým 3 2 1.5
18 dýuým x 18 dýuým x 24 дюйма 3.75 2 1.5
24 дюйма x 18 dýuým x 24 дюйма 6.52 3 1.75
12 dýuým x 12 dýuým x 40 dýuým 5.04 2.5 1.5