Öňünden habar berişler Maýamidäki sargydyňyzy anyklamak, ony siziň şahsy hasabyňyza goşmak we gysga wagtda ugratmak üçin ulanylýar.
Onlaýn dükanyň inwoýsy ýa-da hasap-fakturasy.Satyn alnanda dükan tarapyndan berilen harydyň beýanyny we töleg möçberini görkezýän inwoýsy SAKLAMAGYŇYZ örän wajypdyr. Bu resminama sargytlaryňyzy (posylkalaryňyzy) işläp taýýarlamak üçin gerek bolar.
Treking belgisi ýa-da yzarlaýyş belgisi.Yzarlaýyş belgisi - bu söwda edilenden soň ABŞ-nyň internet-dükanlary tarapyndan 2 günüň dowamynda ýa-da ondan ir wagtda berilen özboluşly kesgitleýiş (identifikasiýa) belgisidir. Öňünden habar berişi döretmek örän möhümdir.
Ulgama giriň we şu görnüşi saýlaň: öňünden habar berişi nädip etmeli?
Daşaýjyny saýlaň we ugratmaňyzyň yzarlaýyş belgisini giriziň: internet dükanyndan Omniva-nyň Maýamidäki gutusyna çenli. Bu maglumat internet dükany tarapyndan 1-2 günüň dowamynda elektron poçtaňyza iberiler.
Söwda barada maglumaty giriziň (dükanyň ady, önümiň ady we bahasy).
Hasap-fakturany ýa-da inwoýsy faýl görnüşinde ýa-da başga görnüşlerde ýükläň.
Möhüm: internet-dükany tarapyndan size berilen her bir inwoýs üçin öňünden habar beriş amalyny gaýtalamaly. Eger sargyt bir inwoýs üçin 5 sany ýa-da ondan köp yzarlaýyş belgisini öz içine alýan bolsa, şol bir hasap-fakturany her bir treking belgisiniň ýanyna aýratynlykda goşmaly.
Göz öňünde tutuň: sargydyňyz ABŞ-nyň ammaryna baran wagty, hasaba alnan kredit ýa-da debet kartyňyz bar bolsa, degişli pul möçberi awtomatiki usulda hasabyňyzdan alynar, ýa-da şahsy hasabyňyzdan töleg etmek üçin elektron hat geler.
Bill:
Gözlemek:
Omniva-a giriň:
Gözleg belgisini giriziň:
Satyn almak barada maglumat:
Hasap-faktura ýüklemek: